JEMGYÝET

«Twitter»-e salnan jerime ýene 3 million rubl köpeldi

Moskwanyň ylalaşdyryjy kazyýeti gadagan edilen kontentleri ýok etmedigi üçin «Twitter»-e ýene-de 3 million rubl jerime saldy. Netijede oňa salnan jerimäniň umumy mukdary 58 million rubla ýetdi. Bu barada «ТАСС»-a Tagan etrabynyň kazyýetiniň metbugat gullugynda habar berdiler.

«Роскомнадзор»-yň baştutanynyň orunbasary Wadim Subbotiniň aýtmagyna görä, «Google», «Facebook» we «Twitter» gadagan edilen maglumatlary jemleýän 5,5 müň materialy aýyrmadylar. Şu güne çenli olara salnan jerimäniň umumy mukdary 140 million rubla ýetdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: