JEMGYÝET

«Halk hazyna» hojalyk jemgyýeti önümlerini daşary ýurtlara eksport edýär

«Halk hazyna» hojalyk jemgyýetiniň önümleriniň daşary ýurtlary eksporty has hem artýar. Bu barada «Rysgal» gazeti habar berýär.

Häzirki wagtda «Halk hazyna» dünýä bazarynda uly meşhurlyga ýetdi. Süýt we süýt önümleri, himiki serişdeleri üçin niýetlenen dürli görnüşdäki we göwrümdäki plastik gaplar öndürilýän bu kärhananyň önümleri Türkiýe Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna, Gruziýa Respublikasyna, Ukraina Respublikasyna yzygiderli ugradylýar.

Önümçilikde çig mal hökmünde polipropilen ulanylyp, ol Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan, Gyýanlydaky polimer zawodyndan alynýar. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky senagat zolagynda ýerleşýän bu kärhanada müşderileriň islegine görä, gaplara haryt nyşanyny çap etmek işlerini hem alyp barýar. Plastik gaplaryň ýylda 50 million sanysyny öndürmäge ukyply bolan bu kärhanada häzirki wagtda 50-ä golaý işgär zähmet çekýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: