JEMGYÝET

Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda türkmen halk ertekisi sahnalaşdyrylýar

Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda «Aldarköse we döw» atly türkmen halk ertekisi sahnalaşdyrylýar, diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Oýnuň režissýory Öwezmämmet Galandarowdyr.  Oýunda Aldarkösäniň, tilkiniň, döwüň başyndan geçirýän wakalarynyň üsti bilen ynsan paýhasynyň ähli päsgelçilikleri ýeňip geçýändigi baradaky pikirler öňe sürülýär. Teatryň artistleri Çary Rahmankulow, Dilaram Nurmämmedowa, Çary Eýeberenow, Gülbahar Gurbangulyýewa, Aziz Akyýew, Seýithan Seýithanow  dagy çagalaryň söýgüli gahrymanlarynyň keşplerini ynandyryjy janlandyrypdyrlar. Oýnuň sahna bezegini Merdan Seýliýew, saz bezegini Ylýas Gurbanow ýerine ýetirýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: