TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy

2021-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki Komitetiniň ýigriminji mejlisi göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi, diýip Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýty ýazýar.

Taraplar Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Söwda, energetika, ulag, kommunikasiýalar we ýokary tehnologiýalar ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugurda, haryt dolanşygyny artdyrmagyň, şeýle-de Türkmenistanyň we ÝB-niň ýurtlarynyň işewürlik-düzümleriniň arasyndaky özara hereketleri has hem ösdürmegiň zerurlygy nygtaldy.

Şeýle-de ekologiýa, bilim, saglygy goraýyş we oba hojalygy ulgamlaryndaky bilelikdäki maksatnamalaryň hem-de taslamalaryň durmuşa geçirilişine seredilip geçildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: