TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri dürli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Daşkent şäherine resmi saparynyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen gepleşikler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Gepleşikleriň barşynda Döwlet Baştutanlary soňky ýyllarda özara söwdanyň depgininiň ösüşini kanagatlanma bilen nygtap, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberiniň mundan beýläk hem ösdürilmegi üçin ähli bar bolan çeşmeleri we mümkinçilikleri işe girizmeklik barada ylalaşdylar.

Prezidentler ýakyn gepleşikleriň dowam etdirilmegini, şeýle hem halkara giňişliginde, şol sanda, BMG-niň, GDA-nyň, ÝHHG-niň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Türki dilli Döwletleriň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň we beýleki halkara düzümleriniň çäklerinde başlangyçlary bilelikde öňe sürmegi goldap çykyş etdiler.

Şeýle hem gepleşikleriň dowamynda Owganystanda parahatçylygyň we durnuklylygyň saklanmagy bütin Merkezi Aziýa sebitiniň durnukly ösüşiniň girewi bolup durýandygy bellenildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: