TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebaply pälwanlaryň ýedisi Aziýa çempionatynda baýrakly orunlary eýelediler

Özbegistanyň Daşkent şäherinde sambo we söweş sambo boýunça geçirilen Aziýanyň çempionatynda lebaply pälwanlar üstünlikli çykyş etdiler.
Dört gün dowam çempionatda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň düzüminde çykyş eden lebaply pälwanlaryň ýedisi baýrakly orunlara eýe boldular. Sambo boýunça aýallaryň arasynda dünýäniň we Aziýanyň birnäçe gezek çempiony Rano Uzakowa 72 kilogram agramda çykyş edip, kümüş medala mynasyp boldy. Aziza Nazarowa (50), Ruşana Nurjowowa (54), Madina Aýdogdyýewa (59), Jahan Muhammedowa (80) dagylar üçünji orna mynasyp bolup, bürünç medalyň eýesi boldular. Erkekleriň arasynda bolsa Babajan Ibadullaýew (+100) ikinji, Ýusup Taňryberdiýew (58) üçünji orunlary eýelediler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: