DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Amerikaly bir adam gowy görýän restoranynda naharlanmak üçin ähli ştatlarda boldy

Amerikaly bir adam her ştatda özüniň gowy görýän restoranynda bolmak üçin bütin ýurdy 50 günde aýlandy. Bu barada «New York Post»-a salgylanmak bilen, «lenta.ru» ýazýar.

Ýanwarda 19 ýaşly Wýat Moss rekord goýmak maksady bilen ABŞ-nyň 50 ştatynyň ählisinde bolmagy we 50 günüň içinde baran ýerlerinde «Chipotle» restoranynda naharlanmagy ýüregine düwüpdir. Moss syýahatyny iýul aýyna meýilleşdiripdir. Şeýlelik bilen, amerikaly 18 müň mil (29 müň kilometre ýakyn) ýoly geçip, 48 ştatda bolmagy, soňra uçarda Alýaska we Gawaýýa uçmagy ýüregine düwüpdir.

Moss syýahata özüniň iki sany sazanda dostuny hem çagyrypdyr. Tizlikde amerkalylar «Race Trac» ýangyç guýujy beketleriň setiniň hemaýat kömegini, şonuň ýaly-da «Chipotle» tarapyndan hem biraz kömek alypdyr. Moss öz geçýän ýoly barada her gün dostlary bilen gowy görýän restoranynda firma tagamlaryny iýýändigi baradaky rolikleri goýup,gürrüň beripdir.

Häzir amerikaly ähli roliklerini uly wideo üçin montaž etmegi we ony «YouTube» kanalynda ýerleşdirmegi meýilleşdirýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: