YLYM WE TEHNIKA

Eýesini ýüzünden tanaýan noutbuk çykdy

«Huawei MateBook 14s» noutbugy eýesini ýüzünden tanamagy başarýar. Muny ýüz tarapynda goýlan kamera amala aşyrýar. Şonuň ýaly-da, ol ýagtylygyň derejesini anyklaýar we awtomatiki usulda ekranyň ýagtylygyny düzýär. Bu barada «Российская газета» habar berýär.

Noutbuk ýüzüni «yzarlamasyny» bes etsin diýen adam ony barmagynyň yzy bilen biler ýaly edip hem düzüp biler. Ol iýmitlendiriş blogynyň düwmesinde oturdylan.

Noutbugyň 14 dýumli ekrany milliard gowrak reňki şöhlelendirýär we onuň 2560×1440 piksel çözgüdi bar. Bu iň öňde baryjylaryny we gymmatlaryny içine almak bilen, häzir bazarda bardakylarynyň ählisinden uludyr.

«Huawei MateBook 14s» uzyn güne ýetýän we gajetlere, mysal üçin, smatfona ýa-da planşete zarýad berip bilýän 60 watt-sagatlyk akkumulýator bilen üpjün edilen.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: