TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Ç.T.Rustemowa «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen at dakyldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Täjiýewna Rustemowa Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesi — «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen at dakyldy we oňa «Altyn Aý» altyn medaly gowşuryldy.

Resminamada Ç.T.Rustemowanyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny, konstitusion gurluşyny we döwlet Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmaga goşan uly şahsy goşandynyň, döwletiň hem-de jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlarynyň we gazanan üstünlikleriniň, şeýle hem uzak ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we tutanýerli zähmetiniň nazara alnyp, sylaglanylýandygy aýdylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: