YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň üstünden ulag geçelgesinden peýdalanylyşy mundan beýläk hem ösdüriler

 Türkmenistan we Gazagystan «Hytaý–Gazagystan–Türkmenistan–Eýran» ulag geçelgesini ösdürmegi dowam etdirerler. Bu barada Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň 15 oktýabrda Gazagystana eden döwlet saparynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serbar Berdimuhamedowyň we Gazagystan REspublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Bilelikdäki Beýannamasynda bellenilýär.

Resminamada Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň çäkleri boýunça ýükleri üstaşyr gatnatmagy üpjün edýän bilelikdäki taslamalar amala aşyrylanda, «Uzen (Gazagystan) – Gyzylgaýa – Bereket – Etrek (Türkmenistan) – Gorgan (Eýran)» ugry boýunça demir ýol gatnawlaryny amala aşyrmakda ileri tutulýan ugur diýlip hasaplandy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: