BILIM

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde noýabrda olimpiada geçiriler

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda her ýyl geçirilýän olimpiada gatnaşjaklar hasaba alnyp başlandy.

Olimpiadada talyplar alty ders: ykdysadyýet, filosofiýa, häzirki zaman türkmen jemgyýeti, iňlis, hytaý we italýan dilleri boýunça bäsleşerler. Bu olimpiada gatnaşmaga ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň talyplary çagyrylýar.

Olimpiadalara gatnaşmaga dalaşgärleri hasaba almak guramaçy-uniwersitetiň iuhd.edu.tm resmi saýtynyň akademiýa/bäsleşik bölüminde açyldy. Talapnamalar 10-njy noýabra çenli kabul edilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: