YKDYSADYÝET

Kerkide her ýyl 6 tonna çenli şöhlat öndürilýär

Kerki şäheriniň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Samander Mustapakulow ýurdumyzda et we et önümleriniň bolçulygyny döretmäge uly goşant goşýar.

Telekeçi on ýyldan bäri şöhlat önümleriniň dürli görnüşini ilata ýetirýär. Ol her ýylda şöhlat önümleriniň 5-6 tonnasyny ildeşlerimiziň saçaklaryna hödürläp gelýär. Häzirki wagtda telekeçi öz önümleriniň hilini has ýokarlandyrmak üçin Russiýada öndürilen kämil enjamlary önümçilige ornaşdyrdy. Bu bolsa şöhlat önümleriniň 15-20 görnüşini öndürmäge mümkinçilik berer.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: