YKDYSADYÝET

«Gadynda» her gije-gündizde 5 million kub metr gaz akdyrylýar

Geçen ýylda Çärjew etrabynyň çäginde açylan «Gadyn» gaz ýygnaýjy bekedinde her gije-gündizde tebigy gazyň 5 million kub metri akdyrylýar.

Bu döwrebap önümçilikde ýokary bilimli ýaş hünärmenler egin-egne berip, agzybirlik bilen zähmet çekýärler. Olaryň arasynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetini tamamlan ýaşlar hem bar. Hususan-da, ýaş hünärmenler Kerwen Mämedow, Hoja Ziýatdinow, Erkin Batyrow, Oraz Hasanow, Mahmutjan Ereşow dagy ýokary başarnyk we tutanýerlilik görkezýärler.

Bekediň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: