Türkmenabadyň himiýa zawodynda mineral döküniň öndürilişi artýar
Türkmenabadyň himiýa zawodynda ýylyň başyndan bäri 202 müň 750 tonna fosforly mineral dökün öndürildi.
Bu görkeziji dokuz aýlyk meýilnamanyň 125 göterim berjaý edilendigini aňladýar. Netijede oba hojalyk pudagy zerur dökünler bilen artygy bilen üpjün edildi.
Kärhanada kükürt kislotasyny öndürmekde hem geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 120 göterim ösüş depgini üpjün edildi.