YKDYSADYÝET

«Türkmen aýna önümleri» kärhanasynda geçen ýyl 5 million 887 müň inedördül metrden gowrak aýna öndürildi

Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň çäginde ýerleşýän «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynda geçen ýyl 183 million 70 müň 592 manatlyk önüm öndürildi.

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň bu häzirki zaman önümçilik düzüminde düz aýnanyň 5 million 887 müň inedördül metrden gowrak öndürilip, sarp edijilere ýetirildi. Buýurmalar esasynda bu ýerde öndürilen dürli göwrümli çüýşe gaplar hem ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Çüýşe gaplaryň önümçiliginde buýrujylaryň islegi aýratyn nazara alynýar.

Bu barada «Türkmenistan» gazeti ýazýar. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: