BILIM

Türkmenistanyň raýatlary Russiýada mugt bilim alyp bilerler

RF-niň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň resmi saýtynda 2022/2023-nji okuw ýylynda Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim almak ugrunda guraljak bäsleşige gatnaşmak isleýänler üçin maglumat goýuldy. Bu bilim maksatnamasy tölegsizdir, ol federal býujetiň hasabyna maliýeleşdirilýär. Bu barada «arzuw.news» habar berýär.

Resminamalary 2021-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli RF-niň Ilçihanasyna tabşyrmaly, bellige aldyrmak üçin education-in-russia.com salgyny açmaly.

Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynyň talyby boljaklar iki tapgyrda saýlawdan geçmeli: ozal dalaşgärlere Rushyzmatdaşlygynyň (Россотрудничество) daşary ýurtlardaky wekilleri tarapyndan serediler, soňra — RF-niň ýokary okuw jaýlary tarapyndan. Şu okuw ýylynda RF-de mugt okamak üçin 220 sany türkmenistanly synagdan geçdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: