JEMGYÝET

Ertir Türkmenabatdan Moskwa ýolagçylary alyp gitmek üçin uçuş amala aşyrylar

2021-nji ýylyň 10-njy awgustynda «Sibir» awiakompaniýasynyň uçarynyň «Moskwa — Türkmenabat — Moskwa» ugry boýunça ýolagçylary alyp gitmek üçin uçuşy amala aşyrjakdygy barada Domodedowo aeroportynyň onlaýn-tablosy habar berýär, diýip «turkmenportal» ýazýar.

«Türkmenabat — Moskwa» ugry boýunça uçuş üçin petekler düýn «Sibir» awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky kassalarynda satylyp başlandy. Degişli bildiriş Russiýanyň Türkmenistandaky «Telegram-kanalynda» ýerleşdirildi.

Pandemiýanyň başyndan bäri Türkmenistandan Russiýa ýolagçylar 20-nji gezek alnyp gidilýär. Soňky gezek olar Türkmenistandan Russiýa awgustyň soňunda alnyp gidildi.

Türkmenistanyň 2020-nji martyndan koronawirusyň pandemiýasy sebäpli beýleki ýurtlar bilen howa gatnawyny bes edendigini ýatladýarys.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: