TÜRKMENISTAN HABARLARY

Saýatly aýdymçy «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigine ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat şäherinden ýaş aýdymçylar gatnaşyp, öz aralarynda bäsleşdiler. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty ýazýar.

«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginde ýokary ussatlyk görkezip, aýratyn tapawutlanan aýdymçylary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy. Olaryň arasynda Lebap welaýatynyň Saýat etrap medeniýet merkeziniň artisti Alym Röwşenowiç Taýyrow hem bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: