BILIM

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlary onlaýn maslahata gatnaşdylar  

 Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Daşkendiň Nyzamy adyndaky döwlet mugallymçylyk uniwersiteti bilen «Inžener we kompýuter grafikasynda innowasion tehnologiýalar» diýen mowzukda sanly ulgam arkaly halkara ylmy-usuly maslahat geçirildi, diýip, «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

Maslahatda Türkmenistanyň, Gazagystanyň, we Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary inženerçilik we kompýuter tehnologiýalary babatda soňky gazanylan ösüşler dogrusynda çykyş etdiler. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Informatika we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň müdiri Gadam Şemsitdinowyň, şol kafedranyň fizika mugallymy Merdan Myradowyň çykyşlarynda Türkmenistanyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijeleri, türkmen ýaşlarynyň täze tehnologiýalardan kämil baş çykarmaklary üçin döredilýän mümkinçilikler hakynda giňişleýin gürrüň edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: