TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistan Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmagyň meselelerini öwrenýär

Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Wideokonferensiýanyň barşynda taraplar Hökümet toparynyň gün tertibiniň ähli bentlerini ara alyp maslahatlaşdylar we Türkmenistanyň daşary söwda şertleri boýunça Ähtnamany taýýarlamak boýunça 2021-2022-nji ýyllar üçin iş Meýilnamasyny tassyklamaklyk baradaky meselä seredip geçdiler.

Mejlisiň dowamynda türkmen tarapy ýurdumyzyň BSG-na doly hukukly agza bolmagy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite Karary bilen tassyklanylan 2021-2030-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň Daşary söwda strategiýasynda göz öňünde tutulandygyny nygtady.

Mejlisiň ahyrynda gatnaşyjylar tarapyndan Türkmenistan bilen BSG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we bu gurama bilen gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak boýunça işleriň dowam etdirilmegi bilen baglanşykly birnäçe ileri tutulýan meselelere garaldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: