TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany — «Altyn şaý» milli manat bilen sylaglanyldy

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany — Altyn şaý» milli manady bilen sylaglanyldy.

Resminamada Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny we halkara abraýyny artdyrmakda, döwlet gurluşyny kämilleşdirmekde, dünýä ülňülerine laýyk gelýän konstitusion özgertmeleri amala aşyrmakda, raýat jemgyýetiniň edaralaryny ösdürmekde, ylmy, bilimi, medeniýeti, sungaty, saglygy goraýşy, ýurdumyzyň durmuşynyň beýleki ugurlaryny yzygiderli ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, şäherlerimiziň we obalarymyzyň keşbini özgertmekde, türkmen halkynyň däp-dessurlaryny, taryhy-medeni mirasyny aýawly saklamakda, dünýä ýaýmakda, ösüp gelýän ýaş nesli Watana söýgi, wepalylyk, mertlik, halallyk ruhunda terbiýelemek işinde Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlarynyň göz öňünde tutulyp, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli sylaglanylýandygy barada aýdylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: