TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi

Aşgabadyň Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Ol döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda şanly waka öwrüldi. Ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň öň ýanynda geçirilýän maslahatyň gün tertibine özbaşdaklyk ýyllary içinde gazanylan netijeleri jemlemek, durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşmak girizildi. Ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň baş maksady eziz Diýarymyzy ösdürmek hem-de mähriban halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek bolup durýar.

Halk Maslahatynyň mejlisine Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar. Bu ýere ýygnananlaryň hatarynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary we Mejlisiniň deputatlary, paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň bäş welaýatynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, kümüş saçly eneler, talyp ýaşlar bar.

Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylaryň öňünde uly maksatnamalaýyn çykyş etdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: