YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti «Üçajy ― Zergär» gaz geçirijisiniň işine ak pata berdi

Şu gün Farap etrabynyň çägindäki «Gadyn» gaz ýygnaýjy bekedi işe girizileninden soň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň hünärmeni awtomatlaşdyrylan gaz paýlaýjy bekedinden teleköpri arkaly Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowdan «Üçajy — Zergär» gaz geçirijisini işe girizmeklige ak pata bermegini uly hormat bilen sorady. Döwlet Baştutanynyň rugsady bilen hünärmen açyp-ýapyjyny açanyndan soň tebigy gazy akdyryldy we gaz geçirijiniň işine badalga berildi.

Uzynlygy 125 kilometre barabar bolan «Üçajy — Zergär» ýokary basyşly gaz geçirijisi Çärjew etrabynda ýerleşýän kuwwatlygy 432 MWt bolan gaz turbinaly elektrik stansiýasyny we Lebap welaýatynyň ilatyny tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin niýetlenendir. Bu möhüm buýurmanynyň baş potratçysy wezipesini «Türkmengündogarnebitgurluşyk» gurluşyk-gurnama trestiniň 5-nji ýöriteleşdirilen gurluşyk-gurnama müdirligi ýerine ýetirdi.

Lebap welaýatyndaky bu iň iri elektrik stansiýasy geçen ýylyň 3-nji sentýabrynda işe girizilipdi. Tebigy gazda işleýän häzirkizaman desgasy ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek bilen birlikde elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmakda hem ähmiýetlidir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: