TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň Prezidenti «Gadyn» gaz ýygnaýjy bekediniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Farap etrabynyň çäginde ýerleşýän «Gadyn» gaz ýygnaýjy bekediniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Döwlet Baştutany medeniýet we sungat işgärleriniň çykyşlaryna hem-de ýurduň nebitgaz pudagynyň ösüşini açyp görkezýän sergä tomaşa etdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti ýygnananlaryň öňünde çykyş etdi. Dabaranyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň wekilleri hem çykyş etdiler.

Ondan soň «Gadyn» gaz ýygnaýjy bekediniň ulanylmaga berilmeginiň ähmiýetini açyp görkezýän wideofilm görkezildi. Film tamamlanandan soň Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliniň haýyşy bilen Prezident Serdar Berdimuhamedow düwmä basyp, bekediň işine badalga berdi. Şol wagt monitorda animasyýanyň üsti bilen bekediş işleýşi görkezildi.

Bu ýerden desgalary dolandyryş binasyna baran Döwlet Baştutany önümçiligiň tehnologiki yzygiderliligi bilen tanyşdyryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: