YKDYSADYÝET

Ulag toplumynda awtoulaglar esasy güýç bolup durýar

Munuň şeýledigine üstümizdäki ýylyň geçen on bir aýynyň önümçilik görkezijileri aýdyň şaýatlyk edýär. Lebap welaýaty boýunça şol döwürde awtoulaglar arkaly ýükleriň 80 million 336,2 müň tonnasy daşaldy, gatnadylan ýolagçylaryň sany  bolsa 148 million 272,6 müň adama barabar boldy. Bu görkezijiler geçen ýylyň deňeşdirilýän döwründen ep-esli artykdyr. «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň kärhanalarynda geçen döwürde ýük dolanyşygy 16,8 göterim, ýolagçy dolanyşygy bolsa 10,3 göterim köpeldi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: