YKDYSADYÝET

«Badyň» ýylyň başyndan bäri öndüren joraplary 700 müň jübüte golaýlady

Türkmenabat şäherindäki Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Atamyrat Jumakulyýewe degişli bolan hususy jorap kärhanasynda häzirki wagtda dürli ölçegdäki gyşky joraplaryň her günde 150-den 250-ä golaý jübüti öndürilýär.

Önümçilikde Hytaý Halk Respublikasynyň we Italiýanyň enjamlaryndan peýdalanylýar. Bu ýerde şu ýylyň başyndan bäri 24 — 44 ölçegli gyşky-ýazky joraplaryň 688 müň 700 jübüti öndürilip, 1 million 844 müň manatlyk iş edildi. Zenanlara we erkeklere niýetlenilen, düzüminiň 75 göterimi nah ýüplükden ybarat bolan bu göze gelüwli joraplar söwda nokatlarynyň üsti bilen ilata hödürlenilýär.