Kikboksing boýunça Lebap welaýatynyň çempionaty geçirildi

Türkmenabat şäheriniň 6-njy sport mekdebinde kikboksing boýunça 2005—2006-njy ýyllarda doglan oglan-gyzlaryň arasynda Lebap welaýatynyň çempionaty geçirildi. Welaýat sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň guramagynda geçirilen ýaryşlara Türkmenabat şäherinden hem-de Çärjew, Dänew etraplaryndan 100-e golaý türgen gatnaşdy.

Bu çempionatda oglanlar agram derejeleriniň 13-si, gyzlar bolsa 2-si boýunça ýaryşdylar. Dört günläp dowam eden çempionatda Türkmenabat şäheriniň 6-njy sport mekdebi 8 sany altyn medaly eýeläp, birinji, Türkmenabat şäheriniň 3-nji hem-de 9-njy sport mekdepleri degişlilikde ikinji, üçünji orunlary eýelediler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector