TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň Prezidenti «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Milli gününe gatnaşdy

9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Birleşen Arap Emirliklerine bardy we «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Milli gününe gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty habar berýär.

Mälim bolşy ýaly, «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisi 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda açyldy. Türkmenistanyň Prezidenti giň gerimli foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda onuň birleşdiriji ähmiýetini belledi hem-de “Bütindünýä sergisine gatnaşyjylar tarapyndan anyk teklipleriň hödürlenip, olaryň halkara jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretjekdigine we geljekde hereketleri utgaşdyryp, dünýä döwletleriniň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmakda, ählumumy hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynam bildirdi».

Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň hem-de BAE-niň resmi adamlarynyň gatnaşan gepleşikleriniň çäklerinde bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyny düzgünleşdirýän ikitaraplaýyn resminamalarynyň birnäçesine gol çekmek dabarasy geçirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: