TÜRKMENISTAN HABARLARY

2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleri ýokarlandyrylar

2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanda býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleri 10 göterim ýokarlandyrylar.

Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýörite Permana gol çekdi.

Resminamada 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberiniň 1710 manat möçberde; Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çekenleriň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberiniň 500 manat möçberde; pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululygynyň 410 manat möçberde; döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygyň 390 manat möçberde bellenilmelidigi bellenilýär.

Türkmenistan boýunça iň pes aýlyk zähmet hakynyň 1050 manat möçberde belleniler we ol aýlyk zähmet haklaryny düzgünleşdirmek üçin ulanylar.

Şonuň ýaly-da, döwlet Baştutany 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy hem-de kazyýet edaralarynyň, gazetleriň we žurnallaryň redaksiýalarynyň hem-de jemgyýetçilik birleşikleriniň, şeýle hem olaryň esasy gurluş birlikleriniň ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň möçberlerini Permana goşundylara laýyklykda tassyklady.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: