DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Ýere piramidanyň ululygyndaky asteroid ýakynlaşýar

Asteroide «2021 SM3» diýip at berdiler. Alymlar ony şu ýyl ýüze çykardylar, onuň ady hem şondan geçlip çykýar. Bu barada «mail.ru» ýazýar.

«2021 SM3»-niň diametriniň uzynlygyny 160 metre ýetýändigi mälim. Bu Kairdäki Gizanyň Beýik piramidasynyňkydan 20% uly. Asteroid Apollonyň toparyna degişli, diýip «Newsweek» ýazýar.

Ýer bilen ýakynlaşmak 15-nji oktýabrda bolup geçer. Bu asteroid biziň saýýaramyzdan 5 million kilometr töweregi aralykdan geçer. Bu Ýeriň iň ýakyn «goňşularyndan» ep-esli ýakyndyr. Deňeşdirmek üçin: öz orbitasynda aýlanýan wagty iň ýakyn gelende, Weneradan Ýere çenli aralyk 38 million kilometre barabardyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: