TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary duşuşdylar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň Russiýa tarapyndan başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi. Myhman dostlukly ýurduň wekiliýetiniň uly toparyna ýolbaşçylyk edip, iş sapary bilen Aşgabada geldi. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty habar berýär.

Döwlet Baştutanymyz hem-de Russiýa Federasiýasynyň wise-premýeri işjeň, netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň şu günki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşyp, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika toplumy, oba hojalygy, himiýa, gaýtadan işleýän senagat, ulag-aragatnaşyk we birnäçe beýleki ileri tutulýan möhüm ugurlarda gatnaşyklary has-da depginli ösdürmek üçin uly kuwwatyň hem-de mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň, özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň netijeli guraly hökmünde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň eýeleýän orny aýratyn bellenildi.

Duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin hem gatnaşdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: