TÜRKMENISTAN HABARLARY

Sözlerini we sazyny Türkmenistanyň Prezidenti ýazan «Bagt nury» aýdymy ýerine ýetirildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerini we sazyny ýazan «Bagt nury» aýdymy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sungat we medeniýet ussatlarynyň gala-konsertiniň hakyky bezegi boldy, diýip «Türkmenistan bu gün» döwlet habarlar agentligi ýazýar.

Owadan sazy, çuňňur manyly sözleri bilen bu aýdym ýygnananlaryň hemmesiniň kalbynda çuňňur orun tapdy. Eziz Diýarymyzyň hem-de mähriban halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine döwlet işini alyp barýan milli Liderimize ýollanan şowhunly el çarpyşmalar munuň subutnamasy boldy.

Yşygyň, reňkiň we sesiň sazlaşygynyň hemme mümkinçiliklerini peýdalanmaga mümkinçilik berýän innowasion tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy bu konsertiň esasy aýratynlyklarynyň biri boldy. Merkezde we sahnanyň daş-töweregini gurşap alýan uly monitorlarda görkezilýän wideoşekiller sahnada bolup geçýän wakalara giň göwrümlilik berip, tomaşaçylarda täsin duýgular döretdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: