TÜRKMENISTAN HABARLARY

Abu-Dabiniň Ösüş gaznasy Türkmenabatdaky kärhananyň täze önümhanasyna maýa goýar

Abu-Dabiniň Ösüş gaznasy Türkmenistandaky iri taslamalaryň üçüsine, şol sanda Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda guruljak garyşyk dökünleri öndürýän önümhana maýa goýar. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty habar berýär.

Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň penşenbe güni geçirilen mejlisinde wise-premýer Serdar Berdimuhamdow Hökümetiň döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Hasabatda hem aýdylyşy ýaly wise-premýeriň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli toparyň ýakynda Birleşen Arap Emirliklerine bolan saparynyň çäklerinde Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Bu duşuşygyň netijeleri boýunça taslamalaryň üçüsine maýa goýmak we karzlary çekmek boýunça resminamalara gol çekildi.

Şolaryň hatarynda Daşoguz welaýatynda poliwinilasetat önümçiligi boýunça zawodyň gurluşygyna Birleşen Arap Emirlikleriniň degişli kompaniýasy tarapyndan önüm bilen hasaplaşmak şertinde göni maýa goýulmagyny guramak barada Ýol kartasyny öz içine alýan Çarçuwaly ylalaşyk, Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda garyşyk dökünleri öndürýän önümhananyň gurluşygyny maliýeleşdirmek barada karz ylalaşygy, Türkmenistanda Abu-Dabiniň Ösüş gaznasy bilen bilelikdäki Maýa goýum edarasyny döretmek barada Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda esaslandyryjylaryň Ylalaşygy we oňa degişli resminamalar bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: