Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirliklerinde resmi sapar bilen bolar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 21-22-nji noýabrda Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparyny amala aşyrar. Onuň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 18-nji noýabrda geçirilen mejlisinde habar berilişi ýaly, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky Hökümet we daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça hem-de abraýly halkara guramalaryň çäklerinde yzygiderli gatnaşyklar ýola goýuldy.
Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilýär, haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin uly mümkinçilikler bar. Şunda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki topara möhüm orun degişlidir. Häzirki wagtda Abu-Dabiniň ösüş gaznasy we BAE-niň beýleki maliýe düzümleri bilen bilelikde maýa goýum taslamalaryny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda ynsanperwer ulgamdaky, bilim, ylym we medeniýet ugurlaryndaky gatnaşyklar hem işjeň ösdürilýär.