JEMGYÝET

Türkmenistanda Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçiriler

23—25-nji noýabrda Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň geçiriler.

Medeniýet günleriniň çäklerinde Täjigistanyň häzirki zaman suratkeşleriniň, şekillendiriş sungaty eserleriniň, neşir önümleriniň, milli lybaslarynyň sergisiniň, birnäçe beýleki medeni çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Şonuň ýaly-da, 28—30-njy noýabrda Aşgabat şäherinde «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwaly we maslahaty hem geçiriler.

Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 18-nji noýabrda bolan mejlisinde habar berildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: