JEMGYÝET

Lebap welaýat kitaphanasynda maslahat geçirildi

Lebap welaýat kitaphanasynda «Köýtendag ― türkmen tebigatynyň täsinliklere baý bolan ajaýyp künjegidir!» atly maslahat geçirildi. Ony ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Lebap welaýat häkimligi bilelikde guradylar.

Onda Köýtendagyň görenleri haýran galdyrýan tebigy ýadygärlikleri, olary goramagyň we geljeki mesiler üçin saklap galmagyň ähmiýeti, bu ýadygärlikleriň we tebigy baýlyklaryň ähmiýetini ilatyň arasynda düşündirmek, syýahatçylygy ösdürmek barada gürrüň etdiler. Ekologiki bilimli ýaşlary terbiýelemegiň ähmiýetine aýratyn üns berdiler. Şonuň ýaly-da, Köýtendag döwlet tebigy goraghanasyny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: