SYÝASAT

Abu-Dabiniň ösüş gaznasy Türkmenistanda guruljak gibrid elektrik stansiýasy üçin karz maliýe serişdelerini berer

Türkmenistanyň Hökümetiniň we Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň arasynda Türkmenistanda gibrid elektrik stansiýasynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakynda karz ylalaşygyna gelindi. Bu resminama Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Arap Emirliklerine resmi sapary döwründe gol çekildi.

Bu iki ýurduň arasynda gelinýän şeýle ylalaşyň ilkinjisi däldir. 2021-nji ýylda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň arasynda Balkan welaýatynyň Jebel şäherinde Halkara howa menziliniň toplumynyň gurluşygynyň taslamasyny maliýeleşdirmek hakyndaky karz ylalaşygyna gol çekilipdi. Şonuň ýaly-da, ozal Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň arasynda Türkmenabat şäherinde garyşyk mineral dökünlerini öndürýän himiýa zawodynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakynda karz ylalaşygyna hem gol çekilipdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: