SYÝASAT

Howanyň üýtgemegine bagyşlanan onlaýn-maslahat geçirildi

2022-nji ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysynyň edarasy hem-de Beýik Britaniýanyň Ilçihanasy bilen bilelikde howanyň üýtgemegi boýunça 2021-nji ýylda geçirilen BMG-niň COP-26 – maslahatynyň  esasy netijelerine hem-de gazananlaryna bagyşlanan onlaýn-maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Bu maslahat geçen ýylyň noýabr aýynda Beýik Britaniýanyň Glazgo şäherinde geçirilen COP-26 maslahatynyň öňüsyrasynda Aşgabatda 2021-nji ýylyň martynda geçirilen bilelikdäki tegelek stoluň dowamy boldy.

COP-26 maslahatynda kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilmegi boýunça esasy hereketleriň hem-de Glazgonyň Howa paktynyň ilerledilmegi babatynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň usullarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy bu çäräniň esasy maksady boldy. 

Maslahatyň işine Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysynyň edarasynyň, Beýik Britaniýanyň Ilçihanasynyň, daşary ýurtlaryň diplomatik edaralarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň wekilleri, ösüş boýunça halkara hyzmatdaşlar hem-de talyplar gatnaşdylar. Çäräniň utgaşdyryjysy hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi çykyş etdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: