JEMGYÝET

Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa Türkmenabat şäherinde saparda boldy

Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň agzalygyna kabul edilmeginiň 30 hem-de «Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky» konwensiýanyň agzalygyna kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Türkmenistanyň Gahrymany  Çynar Rüstemowa şu gün Türkmenabat şäherinde saparda boldy.

Myhman saparynyň çäginde Türkmenabat şäher medeniýet öýünde we welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilen dabaralara gatnaşdy. Bu dabaralarda maslahatlar hem geçirilip, olarda çykyş edenler Türkmenistandan ÝUNESKO-nyň sanawyna goşmak üçin täze teklipler baradaky pikirlerini beýan etdiler.

Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri bu abraýly halkara guramanyň agzasydyr. Ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzalygyna şol ýylyň 17-nji awgustynda London şäherinde geçirilen maslahatda kabul edildi. 1994-nji ýylda bolsa Türkmenistan ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasyna goşuldy. «Gadymy Merw» döwlet medeni-taryhy goraghanasy ÝUNESKO tarapyndan Türkmenistandan bellige alnan ilkinji maddy gymmatlykdyr. Bu taryhy hasaba alyş 1999-njy ýylda bolupdy. Şondan soň 2005-nji ýylda «Köneürgenç» döwlet medeni-taryhy goraghanasy, 2007-nji ýylda bolsa «Nusaýyň Parfiýa galalary» döwlet medeni-taryhy ýadygärligi ÝUNESKO tarapyndan Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistan abraýly halkara guramanyň «Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky» Konwensiýasyna 2011-nji ýylda goşuldy.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: