JEMGYÝET

Ýadygärliklere gezelençler guraldy

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kerki etrap komitetiniň guramagynda etrabyň gadymy ýadygärliklerine we medeni ojaklaryna gezelençler guraldy. Oňa etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, partiýanyň işjeň agzalary we etrabyň zähmetkeşleri gatnaşdylar. Astanababa orta asyrlar ýadygärligine we Alamberdar  mawzoleýine guralan gezelençlere gatnaşanlar bu taryhy ojaklar bilen baglanyşykly gyzykly we taryhy gürrüňleri aýtdylar. Şeýle hem olar şeýle gadymy ýadygärlikleri gorap saklamak we olaryň ýaşlary Watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýetini barada özara pikir alyşdylar. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: