JEMGYÝET

Ýaşulular geňeşiniň ikinji mejlisi wagyz edilýär

Welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ikinji mejlisiniň işini wagyz etmek maksady bilen maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi bilen bilelikde guramagynda «Türkmenistan — bagtly çagalygyň we arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy» diýen at bilen geçirilen bu maslahatda ýaşuly nesliň wekilleriniň çykyşlaryna giň orun berildi.

Çykyşlarda Çagalary goramagyň halkara gününiň öň ýanynda geçirilen Ýaşulular geňeşiniň mejlisinde seredilen meseleleriň ähmiýeti, gaznanyň işini kämilleşdirmek, onuň serişdeleriniň hasabyna hemaýata mätäç ýaş nesliň saglygyny berkitmek, olary goldamak ugrunda döwlet derejesinde edilýän aladalar dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: