Kerki howa menzile halkara kody berildi
Kerki Halkara howa menziline halkara kody berildi. Menzil mundan soňra halkara uçuşlarda gysgaça «KEA» görnüşinde atlandyrylar. Hatda bu täze kod Halkara howa ulaglary birleşiginiň (IATA) resmi saýtynda hem peýda boldy.
Menzile berlen halkara kody onuň ýerleşýän şäheriniň ady bilen baglydyr. Umuman, IATA halkara derejeli howa menzilleriniň ählisine-de üç harply kodlary berýär. Halkara uçuşlar amala aşyrylan menzilleri şol kodlar bilen atlandyrmak we tapawutlandyrmak has amatlydyr. Şeýle hem bu kod howa menzilleriniň ýolagçylar üçin niýetlenen monitorlarynda, ýolagçylaryň münüş talonlarynda we goş-golam ýankagyzlarynda ulanylar.