BIZE YAZYARLAR

Ýaşlyk joşguny

 Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Maýa  Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýörite sazçylyk we sungat okuw mekdeplerini tamamlaýan uçurymlaryň arasynda “Ýaşlyk joşguny” atly bäsleşigi geçirildi. Saz sungatynyň dürli ugurlary boýunça ýaşlary döredijilige ugrukdyrmak, olaryň ýerine ýetirijilik ussatlygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem, saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen guralan bäsleşige Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň uçurymlary gatnaşdylar we mynasyp orunlara eýe boldular. “Plektrli dutar” ugry boýunça 1-nji orna Klyçow Azat, “Ýekelikde aýdym aýtmak” ugry boýunça 1-nji orna Atajanow Atamyrat, “Hor dirižýorlygy” ugry boýunça 1-nji orunlara Rozyýewa Çynar, Aýmyradowa Selbi, “Bagşyçylyk sungaty” boýunça 3-nji orna Jumaýew Aman mynasyp boldular. “Kanun” hünäri boýunça  Bahadurowa Nasiba, “Ýekelikde aýdym aýtmak” ugry boýunça  Bazarow Serdar we Abdulrahimowa Laçyn hormat hatlary bilen sylaglandylar.                                               

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlarynyň ylym-bilim almaklary, hünär öwrenmekleri, döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç  alsyn!

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň                                                         mugallymy Halbaýew D.J

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: