YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalary boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Şweýsariýanyň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we beýleki ýurtlaryň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini hem-de polipropileni satyn aldylar. Şonyň ýaly-da, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň telekeçileri nah ýüplügi, tekiz reňklenen we žakkard tüýjümek önümlerini, float list aýnany satyn aldylar.

Manat serişdelerine Hindistanyň wekilleri nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýerli telekeçiler «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki kükürdi satyn aldylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: