JEMGYÝET

Mary welaýatlarynda «KamAZ» kysymly awtoulaglar üçin okuw we tehniki hyzmat merkezi açyldy

Täze merkez «KamAZ FTC Corp. LLP» kompaniýasynyň buýurmasy boýunça «Askan» hojalyk jemgyýeti tarapyndan tarapyndan guruldy.

Onda her günde 10 ulaga çenli hyzmat etmegi göz öňünde tutulypdyr. Täze okuw we tehniki hyzmat merkezi dolandyryş binasyny, ammary hem-de abatlaýyş işlerini geçirmek üçin bölümi özünde jemleýär. Şeýle-de, bu ýerde awtoulaglary ýuwmaga niýetlenen ýer, bassyrmaly awtoduralga hem-de suw saklanýan uly göwrümli howuzlar ýerleşdirildi. Bu toplumlaryň köp bölegi ätiýaçlyk şaýlarynyň ammaryna niýetlenendir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: