YKDYSADYÝET

«Altyn tug» hususy kärhanasynyň ýyladyşhanasynda pomidoryň täze hasyly ýygnalyp başlandy

Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň J.Hudaýbergenow adyndaky geňeşliginiň çäginde ýerleşýän Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Altyn tug» hususy kärhanasynyň ýyladyşhanasynda pomidoryň täze hasyly ýygnalyp başlandy.

Geçen ýylda bu ýerde jemi öndürilen pomidor hasyly 2529 tonna barabar boldy. Onuň 1143 tonnasy bolsa daşary ýurtlara eksport edildi. 12 gektar meýdany eýeleýän bu ýyladyşhanada pomidordan başga-da ýer tudanasynyň we bolgar burçunyň dürli görnüşleri öndürilýär. Bu barada «Daşoguz habarlary» gazeti ýazýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: