YKDYSADYÝET

«Uly gap» plastmassa önümleriniň 224 tonnasyny öndürdi

Türkmenabat şäherindäki «Uly gap» hususy kärhanasynda şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda plastmassa önümleriniň 224 tonnasy öndürildi.

Bu ýerde degişli döwürde edilen işleriň pul hasabyndaky möçberi 350 müň 623 manatlyga deň boldy.

Hytaý Halk Respublikasynda, Italiýada, Germaniýada öndürilen enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp, awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylýan bu hususy kärhanada önümçilik üçin zerur bolan çig malyň aglaba bölegi Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan we Gyýanlydaky polimer zawodyndan alynýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: