Bugdaý oragynyň ilkinji hepdesinde Lebap welaýatynyň gallaçylary ýygnalan hasyl üçin 11 million 968 müň manatdan artyk girdeji aldylar. Pullar olaryň bank kartlaryna geçirildi.

Welaýata galla oragyna 5-nji iýunda badalga berildi. Ýetişdirilen hasyly gysga wagtyň içinde ýygnap almalydygyna düşünýän kombaýnçylar we sürüjiler ellerinde baryny edip zähmet çekýärler. Eýýäm welaýat boýunça meýilleşdirilen hasylyň üçden bir böleginden gowragy ýygnalyp alyndy we kabul ediş harmanhanalaryna hem-de elewatorlara tabşyryldy. Ozal hem habar berşimiz ýaly, welaýatyň gallaçylary şu möwsümde 310 müň tonna guşgursak bugdaý ýygnap almagy meýilleşdirýärler.

Galla oragyna girişilen ilkinji günlerden başlap, kärendeçiler bilen hasaplaşyk geçirilip başlandy. Türkmenistanyň «Daýhanbank» DTB-niň welaýat şahamçasyndan alnan maglumatlara görä, eýýäm daýhan birleşiklerini hasabyna 44 million 384 müň 131 manat pul geçirilipdir. Bugdaý hasylyny ýygnap alan we kabul ediş harmanhanalaryna tabşyranlaryndan soň gysga wagtyň içinde kärendeçiler bilen doly hasaplaşyk geçirilýär.

Şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý eden daýhan birleşikleriniň sany günsaýyn artýar. Köýtendag, Saýat we Halaç etraplarynda galla oragy has guramaçylykly alnyp barylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: