MEDENIÝET

Daşoguzyň teatrynda täze spektakl goýdular

Daşoguz welaýatynyň Nurmuhmmet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Garasyzlygynyň 31 ýyllygyna «Azaşan owlajyk» atly täze sazly spektakly goýdular.

Onuň awtory belli türkmen ýazyjysy Hemra Şirowdyr. Spektakly režissýor Guwanç Baýmedow sahnalaşdyrdy. Onda dostluk, biri-bibine goldaw we ýardam bermek barada gürrüň gidýär. Eseriň gahrymanlary mekir garga, möjek, batyr geçi we beýlekilerdir. Olaryň her biriniň özüne mahsus häsiýeti we dostluga bolan garaýşy bar. Ýöne betbagtçylyk gelen wagty, hemmesi hem biri-birine kömege gyssanýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: