TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tälim alşy geçmäge çagyrýar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Administratiw-tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça okuw merkezini tamamlan hünärmenleri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ulgamynda tälim alşy geçmek üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bäsleşik yglan edýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda resminamalaryň 2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň 1-den 20-e çenli  sagat 9-dan – 18-e çenli kabul edilýändigi habar berilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: